Miwe kişdeleri we olaryň saglyga peýdasy

12 Fewral 2021
983

Kakadylan miweler, gök önümler we ir-iýmişler düzümindäki peýdaly maddalary, hatda bişirilen mahaly we uzak wagtlap saklanylan ýagdaýynda-da A, B1, B2, C, D toparlaryna degişli bolan witaminleri düýbünden ýitirenok. Gaýtam guradylanda düzümindäki suwuň bugaryp çykmagynyň hasabyna kişdedir kişmişiň bir gramynda saklanýan ýokumlaryň möçberi artyp, olar saglyk üçin ter görnüşdäkiden hem has peýdaly bolýar.

Kişmiş ýörite usulda kakadylan ak we gara üzümdir. Kişmişde kaliý örän köpdür, şol sebäpli ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Gadymy döwürleriň lukmanlary hem «gahary basyjy» hökmünde kişmiş iýmegiň peýdalydygyny tassyklapdyrlar we ony gaharjaň adamlaryň iýmitine goşmagy maslahat beripdirler. Häzirki zaman barlaglary kişmişiň, hakykatdan hem, nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygyny görkezýär. Onda B1, B2, B5 toparlaryna degişli bolan witaminler köp saklanýar. Ol bolsa aýratyn hem nerw ulgamyna köp agram düşýän (meselem, akyl zähmeti bilen meşgullanýan) adamlara has peýdalydyr. Kişmişiň düzümindäki fosfor, magniý, demir elementleri ösüp gelýän çagalaryň we ýetginjekleriň synalaryny taplaýar.

Jemile JUMANAZAROWA,
welaýat narkologiýa hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar