"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatynda uly tagallalary edýär. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr» diýlip bellenilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar Watanymyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de pudaklaýyn maksatnamalardyr meýilnamalarda, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ata Watanymyzda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, täze hassahanalar we saglyk öýleri gurulýar. Geçen ýylda welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ýokanç keseller hassahanasynyň, Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň, paýtagtymyzda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de Estetik mer

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Ýakynda Ahal welaýat Pensiýa gaznasy bölüminde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksadyndan ugur alnan bu duşuşyk welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda guraldy. Oňa Pensiýa gaznasy bölüminde zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden düzülen wagyz-nesihat toparynyň agzalary çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýe işjeňligini ýokarlandyrmak, sagdyn iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden daşda bolmagy gazanmak dogrusynda belläp geçdiler. Olar möwsümleýin kesellerden goranmak bilen baglanyşykly duşuşyga gatnaşyjylara degerli maslahatlaryny berdiler.

Hereket her gün gerek

Häzirki zaman çagalar bagynyň ajaýyp oýun meýdançasynda terbiýeçi zenan körpeje çagalara hereketli oýun oýnadýar: —Bir, iki, üç,Elleriňi aç,Çapak çarp,Alma gap,Kepderijik, ganat kak...

Sagdynlygyň çeşmesi

Almadyr adym meniň,Ýokumlara baýdyryn.Meni köpräk iýenlerBerkider öz saglygyn.

Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny uzaltmak boýunça durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýe bolýar. Sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalary we ýörelgeleri berjaý edilip, netijeli işleriň esasynda ilatyň saglygy pugtalandyrylýar. Bu möhüm çäreler nädogry iýmitlenmek bilen ýüze çykýan keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam berýär. Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri dogry berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr, gök we bakja önümlerinden peýdalanmalydyr. Lukmanlar sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny düşündirýärler. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli naharlardan az-azdan naharlanmak we ter gök önümlerden taýýarlanan şerbetleri içmek saglyga ýaramlydyr. Bedeniň berk, sazlaşykly ösmegine süýt we süýt önümleri, et, balyk, ýumurtga, gök we däne önümleri oňyn täsir edýär. Witaminlere baý bolan bagyr, balyk we ýumurtga önümleri adam bedenine ýokumlydyr. Eger-de bedene gerek mukdardaky witaminler we minerallar doly derejede barmasa, onda dürli keselleriň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin gündelik durmuşymyzda sagdyn iýmitlenmegiň ähli düzgünlerini berjaý etmek zerurdyr

Saglygymyzy goralyň!

Ajap döwre saglyk gerek,Saglygymyzy goralyň biz!Başga zatlar tutmaz derek,Saglygymyzy goralyň biz! Lukman Hekimiň ýoludyr,Tämizligiň kadasydyr.Sport ömrüň miwesidir,Saglygymyzy goralyň biz!

Saglygyň gadyryn bilgil...

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Arkadagyň saglyk taglymaty

Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk — bu yzygiderli alada edilip, dowamly berkidilip durulmagyny talap edýän zerurlyk.

Pasla görä geýin we saglygyňy gora!

Türkmençilikde «Gyşyň güni kyrk tüýsli...» diýilýär. Gyşda howanyň sowamagy, käýarym gardyr ýagşyň ýagmagy, birdenem Gün çykyp durmagy bu pasylda egin-eşikleriňe aýratyn üns bermegi talap edýär. Çünki sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak saglyk üçin howpludyr. — Gyşda kelläňizi üşetmekden goraň! Suwa düşüp, çyg saçly daşaryk çykmak saglyk üçin zyýanlydyr. Munuň özi eşidişiň peselmegine, nerwleriň sowuklamagyna, saçyň düşmegine, dowamly çakyzanyň döremegine we beýleki keselleriň ýüze çykmagyna getirip biler. Şonuň üçin hem sowuk howalarda kelläňizi başgap ýa-da ýaglyk bilen ýapmagy unutmaň! Çagalaryňyzy hem başgapsyz daşaryk çykarmaň!

Sagdyn durmuşyň sakasy

1. Zyýansyzlandyryjy serişdelerden ýerlikli peýdalanyp, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. 2. Üsgürilende, asgyrylanda, agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly.

Türkmenistan — sagdynlygyň mekany

Gadymy döwürlerden bäri sagdyn bedenli we päk ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýän türkmen halky saglygy durmuşyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri hem-de manyly ömrüň özeni hasaplaýar. Muny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak babatda durmuşa geçirilýän işler we gurlup, ulanmaga berilýän desgalar hem doly äşgär edýär. Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzda ýaş nesliň beden taýdan berk, ruhubelent ynsanlar bolup ýetişmegi we raýatlarymyzyň ömür dowamlylygynyň uzak bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Döwletimiz tarapyndan paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda we beýleki ýerlerde iň häzirki zaman döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan merdana halkymyzyň bähbidine gönükdirilen bu işleriň ählisi ýaş nesillerimiz hakynda uly aladalar edilýändigini görkezýär.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Tämiz howa — bedene kuwwat

Her bir pasla mahsus howanyň özboluşlylygy bar, pasylyň çalyşmagy, howanyň yzygider üýtgäp durmagy adam bedenine oňaýsyz täsir edýär. Howanyň adam bedenine täsiri çyglylygyň ýokarlanmagy, howanyň üýtgemegi, şemalyň tizligi, Günüň şöhlesi, bulutlaşmalar bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle ýagdaýda adam özüni birahat duýýar, kelle agyrýar, ukusy bozulýar, kähalatlarda howsalaly duýgular peýda bolýar. Bedeniň ähli ulgamlarynda näsazlyklar duýulýar, esasan hem, gan basyşynyň üýtgemegi, dowamly keselleriň ýitileşmegi ýaly hadysalar ýüze çykyp bilýär. Şeýle adamlara metoduýgur adamlar hem diýilýär. Näsaglygyň ýa-da möwsümde duş gelýän keselleriň öňüni almak üçin kadaly iýmitlenmeli, bedeni berkitmeli, dynç alyş bilen işi sazlaşykly alyp barmaly, günde azyndan 8 sagat ukyňy almaly hem-de köpräk arassa howada gezelenç etmeli. Tämiz howadan dem alsaň, keýpiň çaglanyp, ruhuň göterilýär. Wagtly-wagtynda iş ýeriň we ýaşaýan otaglaryň howasyny çalşyp durmaly, üzärligi tütedip, otagyň içini howpsuz mikroklimat bilen üpjün etmeli. Elleriňizi yzygiderli sabynlap akar suwuň aşagynda ýuwmaly. Öýüň töweregine gyrymsy agaçlary, dürli gülleri ekmeklik daş-töweregiňdäki howanyň belli bir derejede arassa bolmagyna uly ýardam edýär. Daşky gurşawy goramak elmydama

Saglyk — ruhubelentlik

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygynyň goraglylygynyň üpjün edilmegi babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Sagdynlyk ynsan ömrüniň ygtybarly goragydyr. Bu ugurda ýurdumyzda möhüm işleriň ählisi üstünlikli amala aşyryldy. Her bir adam özüniň we çagalarynyň saglygy barada alada etmeli. Şonuň üçin kadaly we peýdaly iýmitlenmegi olary dürli kesellerden gorar hem-de sagdyn we berk bedenli bolmagyna kömek eder. Şeýle hem, beden arassaçylyk düzgünlerini elmydama berjaý etmeli. Her bir ene-ata çagalaryna elmydama şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmelidigi barada düşündiriş işlerini geçirmelidir. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň, gaýraüzülmeleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny dikeltmekde güneşli Diýarymyzyň bereketli topragynda ösýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmä öwrüldi. Şol kitaplarda beýan edilýän maglumatlardan ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Ýoka

Lukman maslahat berýär

■ Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köpräk içiň. ■ Mikroorganizmleri ýok etmek maksady bilen tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň.

Size saglyk ýaran bolsun!

Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň! Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary içiň!

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýyňyzda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş derejesi hasda gowulanyp, Watanymyz ösüşlere beslenýär. Şäherlerimiziň, obalarymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi, her bir maşgalada diýen ýaly dürli görnüşli ýeňil ýada ýük awtoulaglarynyň bolmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Köçelerde we ýollarda awtoulaglaryň köpelmegi, ulag gatnawynyň artmagy sürüjileriň we pyýadalaryň has ünsli bolmagyny talap edýär. Sürüjiler eýýäm ulaga münen wagty ýol hereketiniň sazlaşykly, hiç bir howpsuz dowam etmegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerini unutmaly däldirler.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ýurdumyzda «Ene sagdyn — çaga sagdyn» diýlenine eýerilip, enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatynda uly işler alnyp barylýar. Bu babatynda Murgap etrap hassahanasynyň akuşerçilik bölüminiň lukmanlarydyr göbegeneleri, şepagat uýalary sagdyn çaganyň dünýä inmegi üçin yhlasly zähmet çekýärler.

Sagdyn bolmagyň ýönekeý ýollary

Sagdynlyk, saglyk adamzat durmuşynda iň gerekli zerurlykdyr. Sagdynlygyň bar ýerinde bagtyýarlyk höküm sürýär. Sagdynlyk adama öňde goýan maksatlaryna, üstünliklerine ýetmäge, durmuşda öz etsem-goýsamlaryny amala aşyrmaga, ýaşaýşyň hözirini görmäge itergi berýän güýç-gurbatdyr. Sagdyn bolmagyň sadaja ýollary hakynda köplere ýetirmegi makul hasap edýäris. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, munuň üçin gündelik endikleriňe üns bermeli. Sagdyn, bagtyýar we hemişe hyjuwly bolmak üçin olaryň berýän maslahatlaryndan peýdalanmaly. Wagtyňyzyň köp bölegini arassa howada geçirmäge çalşyň. Gijelerine öýleriňiziň golaýyna, seýilbaglara, dynç günleri bolsa tebigata gezelenje çykyň. Işleýän edaraňyz, okaýan okuw jaýyňyz onçakly uzakda ýerleşmeýän bolsa, pyýada gatnamaga endik ediň. Günüň aglaba bölegini kompýuteriň başynda geçirýän, hemişe oturyp işleýän adamlara irden, günortanlyk arakesme wagtynda, agşamara azyndan 20 minutlap gezelenç etmek maslahat berilýär.