"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

«Nebitçi» — bürünç medalyň eýesi

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň jemleýji 27-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçi» topary Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Duşuşykda balkanabatlylaryň ýeňiş gazanan halatynda çempionatyň bürünç medalyna eýe bolup bilýändikleri oýna bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy. Stadiona ýygnanan müňlerçe janköýerleriniň goldaw bermeginde hem «Nebitçi» bu maksadyna ýetmegi başardy.

Basketbolda ýaryşdylar

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde basketbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. Okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilen bu ýaryş «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. Ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň aglabasyndan toparlar gatnaşyp, özaralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Netijede, etrapdaky 19-njy orta mekdebiň topary birinji, 20-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji toparlara hormat hatlary gowşuryldy.

Ýy­lyň iň go­wy bäs­le­şi­gi

«7/24. tm» № 01 (188) 01.01.2024 Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ri­len Ku­raş boýunça dün­ýä çem­pio­na­ty Hal­ka­ra Ku­raş As­so­sia­si­ýa­sy­nyň 2023-nji ýyl­da­ky iň go­wy oý­ny diý­lip yk­rar edil­di.

Çempionlar ligasy hakda kelam agyz

«7/24. tm» № 01 (188) 01.01.2024 Deň oý­nap, utuş ga­za­nan PSŽ we ýe­ňi­len­le­riň ýe­ňi­ji­si «Şaht­ýor»

«Nebitçi» — bürünç medalyň eýesi

«7/24. tm» № 01 (188) 01.01.2024 2023-nji ýy­lyň 27-nji de­kab­ryn­da 27-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ri­lip, on­da «Al­tyn asyr» — «Ahal» hem-de «Ne­bit­çi» — «Şa­ga­dam» to­par­la­ry du­şuş­dy­lar. Düz­gü­ne la­ýyk­lyk­da, jem­leý­ji tap­gy­ryň oýun­la­ry bir wagt­da baş­lan­dy. Bü­rünç me­da­lyň yk­ba­ly, de­giş­li­lik­de Bal­ka­na­bat­da we Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len «Ne­bit­çi» — «Şa­ga­dam», «Al­tyn asyr» — «Ahal» to­par­la­ry­nyň du­şu­şyk­la­ryn­da çö­zül­di.

Sport habarlary

«7/24. tm» № 01 (188) 01.01.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Ýö­ri­te olim­pia­da mil­li mer­ke­zi bad­min­ton we çe­per gim­nas­ti­ka ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­dy Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ýö­ri­te olim­pia­da mil­li mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan akyl ýet­mez­çi­li­gi hem-de Da­un sind­ro­my bo­lan tür­gen­le­riň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­nat­la­ry ge­çi­ril­di. Ýa­ryş 7-nji sport mek­de­bi­niň meý­dan­ça­la­ryn­da gu­ral­dy.

Türgeniň gün tertibi

«7/24. tm» № 01 (188) 01.01.2024 Tür­gen diý­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň sport ab­ra­ýy­ny dün­ýä ýaý­ýan sport hü­när­me­ni diý­mek­dir.

«Arkadag» toparynyň taryhy üstünligi

Gazetimiziň geçen sanlarynyň birinde täze döredilen «Arkadag» toparynyň ilkinji möwsümi taryhy netije bilen jemläp, çempionlyk gazanandygy barada ýörite makala çap edipdik. Şonda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň futbol çempionatymyzyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda arzyly sepgide ýetendigini belläp geçipdik. Ine, indi bolsa täze topar bilen baglanyşykly ýene bir hoş habar. Ýurdumyzyň Kubogy ugrunda geçirilen bäsleşigiň ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlan bu topar çempionlygynyň üstüni kubok bäsleşiginiň baş baýragy bilen ýetirdi. «Arkadag» topary final duşuşygynda geçen ýylyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi «Ahal» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. * * *

Baş arçanyň daşynda

Arkadagly Serdarymyz 28-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Şol gün Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalardyr. Arkadagly Serdarymyz eziz Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen synlady. Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Behişdi bedewleriň bezegleri

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende göterdi. Eýsem-de, halkymyz irki döwürlerden bäri öz wepaly hem sapaly bedewlerini neneňsi esbaplar bilen bezedilerkä? Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň! Eýer – ata münülende adamyň rahat oturmagy üçin peýdalanylýan esbap. Ol gaýyşdan ýasalyp, onuň üstünde oturan adam iki ýana agmaz ýaly, eýeriň gaşy biraz beýigräk edilýär. Eýeriň iki gapdalyndan üzeňňi dakylar ýaly, deşijekler goýulýar.

Goşa üstünlik

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilip, kalplara ganat bekleýän şanly wakalara baý boldy. Täze ýylyň öňüsyrasynda bolup geçen buýsandyryjy pursatlardyr hoş habarlar bolsa olaryň üstüni ýetirdi. Golaýda Arkadag şäheriniň 10 müň tomaşaçy orunlyk döwrebap stadionynda şowhunly dabara geçirildi. Ol janköýerlik edýän söýgili toparymyzyň — «Arkadag» toparynyň Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda çykyş eden ilkinji möwsüminde gazanan goşa üstünligine bagyşlandy. Elbetde, geçirilýän her bir duşuşykda ýeňiş gazanmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Muňa garamazdan, «akylly» şäheriň adybir topary bu wezipäniň hötdesinden geldi. Çempionatdaky altyn medallaryň üsti bolsa Türkmenistanyň arzyly Kubogy bilen ýetirildi. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde «Arkadag» toparyna Şa serpaýynyň — «MAN RR3 19.440 EEV» kysymly awtobusyň açarynyň gowşurylmagy-da ýatda galjak guwandyryjy waka boldy. Biz söýgüli toparymyza täze ýylda-da täze üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Kämillik mekdebi

Eziz Diýarymyzda sagdyn bedenli, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende galdyrjak ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda hem uly tagalla edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän sport mekdeplerinde bu ugurda ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde sportuň birnäçe görnüşi boýunça türgenleşik sapaklary geçirilýär. Ýaşlar sportuň woleýbol, welosport, çeper gimnastika, suwda ýüzmek, küşt, grek-rim göreşi, söweş sambosy, taekwondo, uşu, kýokuşinkaý karate görnüşleri boýunça tälim alyp, kämillik ýoluny geçýärler. Türgenlerimiz mekdebimiziň açyk birinjiliklerinde, şäher, welaýat, döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlarda şowly çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türkmen sportunyň gülläp ösmegi, Watanymyza şan getirýän türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegi babatda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny arzuw edýäris.

Döwrebap tehnologiýalar we sport

Bu gün sportuň eýe bolýan taryhy sepgitleri dünýä rekordlarynyň täze tapgyrynyň bellige alynmagyna esas berýär. Munuň döwrebap sport tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň miwesidigine aýratyn ünsi çekmelidiris. Çünki tehnologiýalaryň görlüp-eşidilmedik ösüşlere beslenýän häzirki dünýämizde türgeniň fiziki mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesini ylmyň döwrebap tejribesi bilen utgaşdyryp, türgenleriň ýokary taýýarlygy üpjün edilýär. Munuň sportuň ýekelikdäki görnüşleri bilen birlikde, toparlaýyn oýunlara hem mahsus aýratynlykdygyny bellemek gerek.

TFF-niň täzelikleri

31-nji gezek geçirilen ýurdumyzyň futbol çempionaty «Arkadag» toparynyň uly üstünligi bilen tamamlandy. Ikinji, üçünji orunlara degişlilikde «Altyn Asyr» hem-de «Nebitçi» toparlary mynasyp boldular. «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýewiň derwezelere geçiren 27 topy bilen «Iň köp top geçiren» oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeländigini bellemek gerek. Bu sanawda ikinji, üçünji orunlarda «Altyn Asyryň» oýunçylary Wahyt Orazsähedow (12 top) bilen Myrat Annaýew (11 top) ornaşdylar.

Sport we bedenterbiýe

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçen karatedo boýunça çagalaryň arasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionaty türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy. Çempionatda 307 türgen çykyş etdi. Türkmenistanyň ýygyndy topary çagalaryň arasyndaky Merkezi Aziýanyň çempionatynda 10 medala mynasyp boldy. Olardan Alina Ýewdokimowa, Medine Gaýlyýewa we Öwezmyrat Sapardurdyýew dagy altyn medallary eýelediler. Baýramgeldi Atadurdyýew we Aýşa Ilgeldiýewa kümüş medala eýe boldy. Rahat Ataýew, Gunça Tagansähedowa, Aleksandra Guzina, Kyýasgeldi Ýazmyradow we Alymuhammet Kakalyýew bolsa bürünç medal gazanmagy başardylar.

Milli oýunlar – gadymy mirasymyz

Çagalyk ýyllarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan milli oýunlar halkymyzyň gadymy mirasydyr, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Heňňamlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly miras häzirki döwürde aýratyn öwüşgine, ýaş nesliň arasynda uly gyzyklanma eýedir. Muňa bilim ojaklarynda yzygiderli geçirilip gelinýän milli oýunlar boýunça bäsleşiklerdir beýleki çäreleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýakynda «Olimp» orta sport mekdebinde guralan bäsleşikde okuwçy türgenler çalasynlyk, ezberlik, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleri ösdürýän milli oýunlar boýunça bäsleşdiler. «Alma ýygdy», «Aýterek-günterek», «Ýaglyga towusmak» ýaly oýunlarda deň-duşlary bilen ukyp-başarnygyny synap görmek ýaş türgenlerde uly täsir galdyrdy.

Taryhda şu gün

Geçiren oýunlarynyň hiçisinde ýeňilmedik 29 ýaşly küştçi umumylykda 13,5 utuk toplamagy başardy. Ol çempionlyk ugrunda eýranly Sarasadat Hadelmalşarehden ýarym utuk, hytaýly Leý Tinszeden bolsa 1 utuk öňe saýlandy. Langonyň küştüň bu görnüşi boýunça 2005-nji, 2008-nji ýyllarda Ýewropanyň, 2010-njy hem-de 2014-nji ýyllarda bolsa dünýäniň çempiony bolandygyny bellemek gerek.

Sylaglaryňyz gutly bolsun, sport ýyldyzlary!

Mälim bolşy ýaly, 27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen dabaralaryň barşynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary bilen birlikde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanan türgenleri, olary bu iri halkara ýaryşa taýýarlamaga şahsy goşant goşan tälimçileri sylaglamak dabarasy boldy.

Sport - agzybirlik we je­bis­li­k

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da mil­li spor­tu­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re çyk­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty giň­den wa­gyz et­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ro­waç­lan­dyr­mak ug­run­da ba­şy­ny baş­lan köp­ta­rap­ly iş­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ri­lip, tä­ze sep­git­le­ri na­zar­la­ýan­dy­gy­nyň buý­san­dy­ry­jy gü­wä­si­dir. Onuň, ha­ky­kat­dan-da, şeý­le­di­gi­ne ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň — Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne saý­la­nyl­ma­gy aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Sport baýramçylygy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Mä­re­kä­niň üý­şen ýe­ri my­da­ma-da uly şow­hu­na bes­len­ýär. Şo­nuň üçin hem bir ýer­de üý­şüp du­ran adam­lar ag­za­lan­da «to­ýuň ada­my ýa­ly» diý­len meň­zet­me ula­nyl­ýar. Toý, baý­ram şat­lyk-şow­hu­nyň mes­ge­ni. Gi­den mä­hel­lä­ni özün­de jem­le­ýän ýer­le­riň bi­ri hem sport ýa­ryş­la­ry­dyr.