31-nji gezek geçirilen ýurdumyzyň futbol çempionaty «Arkadag» toparynyň uly üstünligi bilen tamamlandy. Ikinji, üçünji orunlara degişlilikde «Altyn Asyr» hem-de «Nebitçi» toparlary mynasyp boldular.
«Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýewiň derwezelere geçiren 27 topy bilen «Iň köp top geçiren» oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeländigini bellemek gerek. Bu sanawda ikinji, üçünji orunlarda «Altyn Asyryň» oýunçylary Wahyt Orazsähedow (12 top) bilen Myrat Annaýew (11 top) ornaşdylar.