Baglar - Zeminiň görki

29 Mart 2023
1571

Beýik ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda arassa ekologiýa gurşawyny üpjün etmek hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berilmegi netijesinde dürli görnüşli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Bu sogaply işiň Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda bolmagy hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bahar baýramçylygy ata-babalarymyzdan galan asylly ýol-ýörelgelerimiziň, milli däp-dessurlarymyzyň ähmiýetini artdyrýar.

Häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň, ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýän, Ýer ýüzüniň globallaşýan döwründe bag ekmek, ýaşyl tebigatyň giň meýdanlaryny döretmek döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Dem alýan howamyzyň hapalanmagynyň, atmosfera zäherli gazlaryň goýberilmeginiň tebigy şertleriň düýpgöter özgermegine getirip bilýändigini nazara alsak, baglar arassa ekologiýa gurşawy üçin zerurlyk bolup durýar. Ähli welaýatlarymyzda, Aşgabatda tokaý we seýilgäh zolaklarynyň yzygiderli döredilmegi dünýä derejesindäki şeýle möhüm wezipeleriň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan bu tebigy künjekler adamlaryň sagdyn ýaşamaklary üçin hem örän uly ähmiýete eýedir.

Jennetgül ÖDENIÝAZOWA,
Halaç etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar