«7/24. tm», № 12 (147), 20.03.2023.
Pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp, sähra-düzler lälezarlyga öwrülýär. Tebigatyň janlanyp, gözellikleriniň şugla saçýan pursatlary babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp, «Biriň müň bolsun!» diýip, yhlas bilen ýere tohum sepip, bol hasylyň düýbüni tutmaga girişýärler. Baharyň ajaýyp günleri özüniň arassa, mylaýym howasy bilen jana tenekar bolup, her bir göwünde zähmete hyjuw, Watana söýgi döredýär.