Tebigata ajaýyp keşde çekip gelen bahar paslynyň ýaraşygy güllerdir. Tutuş dünýäde güllere päkligiň, näzikligiň, gözelligiň nyşany hökmünde garalýar. Halkymyz gylyk-häsiýeti, edep-ekramy, gözelligi, näzikligi, ýakymlylygy, bitirýän işleri gül ýaly bolsun diýip, gyzlara gül bilen baglanyşykly atlary dakýar. Halk döredijiliginiň haýsy bir görnüşine ýüzlensek hem güller hakynda aýdylanlara gabat gelmek bolýar. Enelerimiz balasyny güle meňzedip hüwdi döretseler, gyzlar lälelerinde, şahyrlar goşgularynda gülleri wasp edýärler. Güller bilen baglanyşykly atalar sözi, matallar, nakyllar hem köp. Şeýlelikde, ata-babalarymyz, mährem enelerimiz gülleriň tebigata getirýän peýdasyny, olary gorap saklamagyň möhümdigini nesillerine öwredipdirler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obalarymyzda, şäherçelerimizde, şäherlerde dürli baglary, al-elwan gülleri köpeldip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň