Durmuş ulgamynda sanly ykdysadyýetiň orny

22 Fewral 2023
852

Döwür ösýär, döwran täzelenýär. Asyr aýlanyp, ýyl çalyşýar. Bu özgerişler adam aňyna, ýaşaýyş-durmuşyna hem öz oňaýly täsirini ýetirýär. Netijede, jemgyýet hem täzeçe galkynyşa eýe bolýar. Bu aýdylanlar biziň ýurdumyz babatda hem hut şeýle. Bolup geçýän her bir özgertmäniň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň güllemegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollaryndan nusga almak öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Sanly ykdysadyýete, başgaça «elektron ykdysadyýet» hem diýip bolar. Onuň esasy aýratynlygy, ykdysady işiň sanly tehnologiýalara daýanyp ýerine ýetirilmegindedir. Bu ýagdaý ykdysady özgertmäniň netijesinde, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna, dünýägaraýyşlaryny kämilleşdirmeklerine düýpli derejede täsirini ýetirýär.

Ýene bir tarapdan, sanly ykdysadyýetiň ösmegi täze durmuş hakykatynyň ýüze çykandygyny görkezýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy serişdesi sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy, hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşinden tapawutlylykda, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, harytlaryň saklanyşynyň hem ýerleşişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar sanlylaşdyrylan ykdysadyýetiň özenini düzýär. Bu hakykaty soňky ýyllarda ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegi hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen hem düşündirip bolar.

Akpamyk BEGJÄÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar