Möhüm mesele

20 Fewral 2023
1209

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýokary we orta mekdeplerde ekologiýa dersiniň girizilmegi bilen daşky gurşawy goramak boýunça uly öňegidişlikler gazanyldy. Biz mekdebimizde okuwçylara daşky gurşawy goramak barada hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde her bir adamyň ornunyň uludygyny düşündirýäris. Mekdebimizde «Biosfera» gurnagy hereket edýär. Onda okuwçylar ekologiýa meseleleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrýarlar, mekdepde ekologiýa meselelerine bagyşlanyp geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Biziň mekdebimiziň daş-töweregi gür baglyga bürenip dur. Bu biziň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşýan goşandymyz. Biz — mugallymlar okuwçylaryň ünsüni daragtlaryň peýdaly taraplaryna çekýäris. Şeýlelik bilen olarda daş-töwerege aýawly göz bilen seretmegi terbiýeleýäris. Sapaklar bilen utgaşdyrylyp geçirilýän şeýle çäreler oňyn miwelerini hem berýär.

Hemra ORUNOW,
Çärjew etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar