Internet söwdasy

17 Fewral 2023
1208

Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi maliýe-bank ulgamyny ösdürmegiň hem möhüm ugurlarynyň biridir. Täze innowasion çözgütleriň netijeli ulanylmagy müşderileriň we bazara gatnaşyjylaryň özara gatnaşyklarynyň derejesini hem-de hilini ýokarlandyrýar, hyzmatlary kämilleşdirmek, görnüşlerini giňeltmek arkaly bu ulgamy özgertmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde sanly ulgama geçmek babatynda söwda ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda internet söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar.

 Dünýäniň bölek we lomaý söwdasynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy täze, geljegi uly işewürlik nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda hem bu ugurda sanly ulgama geçmegiň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi sarp edijileriň köpüsiniň sanly tehnologiýalara gyzyklanmasynyň artýandygy bilen şertlendirilendir. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bazarda üstünlikli bäsleşmek üçin öňdebaryjy sanly tehnologiýa çözgütlerini ulanmak bilen, bazar gatnaşyklarynyň täze gurallaryny ornaşdyrmak wajypdyr.

Güljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar