Tehnologiýalar äleminde

15 Fewral 2023
770

Ykjam batareýa

Ýel turbinalary we energiýa dolandyryş programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan Hytaýyň «Envision» tehnologiýa kompaniýasy elektroulaglar üçin ilkinji ykjam elektrik güýjüni beriji enjamy hödürledi. «Mochi» diýlip atlandyrylýan täze enjam elektroulaglara elektrik güýjüni bermekde ýeňillik döredýär. Batareýanyň kuwwaty 70 kWt-a deňdir. Munuň özi elektroulaga iki sagadyň dowamynda 600 kilometre çenli syýahat üçin ýeterlik elektrik güýjüni bermäge mümkinçilik berýär. «Mochi» 200 GWt-dan gowrak täzelenip bilýän energiýany birleşdirýän we dolandyrýan «Envision Groupyň» «EnOSTM» akylly düzüm ulgamyny ulanar. Ulgam enjamy elektrik toguna elýeterli edýär. «Mochi» bilen işleýän elektrik ulaglary ýolagçylara durnukly gezelenç hödürlemäge mümkinçilik berer. Olar sürüjilere awtoulag duralgasyny gözlemekden dyndarar, sebäbi indi elektrik güýjüni beriş nokatlary zerur bolmaýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar