Akmaýanyň ýoluna meňzeş galaktikalar

30 Ýanwar 2023
759

ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Çiliniň barlag geçirijileri Akmaýanyň ýoluna meňzeş galaktikalary gözleýän «Sloan Digital Sky Survey»-iň düzen 10000 galaktikaly katalogynyň üstünde işlediler. Alymlar sanawyň ululygyny kiçeltmek üçin diňe Akmaýanyň ýoluna meňzeş umumy massasy bolan galaktikalary goýdular.

Netijede, olar biziň galaktikamyza meňzeýän 138 galaktikany saýladylar. Soňra olar galaktikalarda nähili ýol bilen ýyldyzlaryň emele gelendigini anyklamak üçin barlag işini geçirdiler.

Taýýarlan Bahar BAÝRAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar