Gyraw — açyk howanyň alamaty

17 Ýanwar 2023
719

Gyş paslynda howanyň ýagdaýy tiz-tizden üýtgäp durýar. Güýzüň soňlanmagy we gyş paslynyň başlanmagy bilen, ýagýan ýagynlaryň sany köpelip, ygal düşüp başlaýar. Howanyň temperaturasynyň peselmegi — gyraw, burjy, sürçek emele gelip başlaýar.

Gyraw, esasan, açyk howanyň alamatydyr. Gyrawa birnäçe kesgitleme bermek bolar. Ir ertir ýeriň, otuň, çöp-çalamlaryň üstüne düşüp, ýukajyk ak örtük emele gelýär. Gar tozgajyklaryna meňzeş bolan ygalyň bu görnüşine gyraw diýilýär. Gyrawyň düşmegi üçin howanyň derejesi 0°-dan pes bolmalydyr. Ygalyň bu görnüşi suwuň bugaryp, ýokary galan badyna doňmagy netijesinde emele gelýär. Gyraw diňe ot-çöpüň üstüne däl, Ýeriň ýüzüne hem düşýär.

Rasul TOÝMURADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar