Daşky gurşawy goramak ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasydyr

17 Ýanwar 2023
755

Berkararlyk döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillerimize asyl durkunda we baýlaşdyryp miras goýmak meselesi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak maksady bilen, ýurdumyzda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tebigy gorlary rejeli peýdalanmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ylmy esasda bazar gatnaşyklaryna geçilmegi, täze tehnologiýalaryň girizilmegi netijesinde döwletiň önümçilik kuwwatynyň artmagy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi ekologiýa gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine bolan zerurlygy has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň güýçli depginler bilen ösýän döwründe täze ýüze çykýan ekologiýa gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen täze kanunlaryň kabul edilmegi hem-de bu ulgamda hereket edýän kanunlaryň rejelenip täzeden kabul edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Ekologiýa kanunçylygy döwletimiziň hem-de dünýäniň giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmegiň, ýagny, howanyň arassalygyny üpjün etmegiň we şäherleri gurşap alýan “gök guşaklary” ösdürmegiň, suw, ýer we tokaý serişdeleriniň berk goragyny döretmegiň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamagyň hukuk binýadydyr.

Beýleki habarlar