Köpetdag kyssalary

16 Ýanwar 2023
652

Arçalar, ine, şeýdip gögerýär

Arça — dagyň bezegi. Diňe bir arça däl, beýleki agaçlar babatda-da şeýle diýip bolar. Aslynda, agaçlar tutuş dünýäniň ýaraşygy dälmi näme?! Ozal hem bir patyşa ýurdunyň “men” diýen suratkeşlerini jemläp, “Maňa parahatçylygyň suratyny çekip beriň!” diýenmiş. Ýeňijä-de uly baýrak belläpdir. Patyşa aýtdy — gutardy. Ählisi tabşyrygy berjaý etmäge girişýär. Bellenen gün her kim öz çeken suratyny köşge getirýär. Suratlaryň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly dälmiş. Hemmesi gowy, hemmesi ajaýyp! Ýöne olarda bir umumylygyň bardygy patyşanyň ünsüni çekipdir: suratlaryň her birinde agajyň şekili bar eken.

Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar