Ak gar ýagýar ak bagtymyz mysaly

10 Ýanwar 2023
684

Halkymyz ak zady alnyna sylýar. Ilimiz-günümiz gutlag sözüni aýdyp, ýagşy dileg edende-de ak ýol, ak bagt arzuw edýär. Dünýä inen çagajygyny bagryna basýan ene-de ony ak gundaga dolaýar. Ine, bu gün ene ýere atylan ak don mysaly Zeminiň gerşine ýapylan ak gar hem tebigatyň adamzada bagyşlan iň ajaýyp serpaýy bolup kalbymyza şatlyk eçilýär. Biziň parahat Watanymyzda ak zatlara aýratyn gadyr goýulýar. Munuň şeýledigine daşymyzy gurşap alan ak mermerli binalar hem şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyz başyna geýýän silkme telpegini-de başynyň buýsanjy, baş döwletiniň ilkinji alamaty hökmünde söýüp, ony seçelenip duran ak deriden tikýär. Ene-mamalarymyzyň bütin ömrüne perzendine bagt diläp, zähmet çekip ýygnan, ýygşyranja zadyny gelnine niýetleýändigini hemmämiz bilýäris. Gapydan sag aýagy bilen ätläp, döwletli ojagyň törüne geçýän gelniň hem alnyna ak ýaglyk daňyp, kürtesiniň maňlaýyny ak seçek bilen bezeýän halkymyz her bir işi aklyga, gowulyga, şowlulyga ýorýar.

Gar — zeminiň zynaty. Bu gün asmanyň ak bulutlary ýere düşene çalym edýär. Gar ýagandan soň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli adamlar aýratyn şatlyk bilen gurşalýar. Hasyl baryny berip, gyşda ak gardyr ýagyn-ýagmyryň astynda dynç alyp ýatan ene toprak bolsa dünýä inderen balasyny bagryna basyp, ynjalyk tapan ene ýaly bir enaýy görke gelýär.

Gurbanmyrat BAÝJYKOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar