Serwi agajy

4 Ýanwar 2023
1179

Türkmen tebigaty özüniň ajaýyplygy, dürli ösümliklere baýdygy bilen tapawutlanýar. Derýa-deňzi, çöl-baýyrlary, dag-deresi bilen jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýän ata Watanymyzda ösýän, ýylyň islendik paslynda gök öwüsýän serwi agajy ýalaňaç tohumly ösümliklere degişlidir. Boýy 20 metre barabar bolan bu agajyň şahalary sütüninden ýokarlygyna ösýär. Pürli pudaklary bir tekizlikde ýerleşýär. Baldagyndaky pürleri gögümtil ýa-da açyk ýaşyl reňkli bolýar. Gozalarynyň uzynlygy 3 santimetre ýetýär. Serwi örän owadan, ýakymly ysly, gelşikli agaç bolandygy üçin ony seýilgählerde, köçeleriň gyrasynda bezeg üçin ekýärler. Bu agajy dykyz, berk bolýandygy üçin gurluşyk önümi hökmünde-de ulanýarlar. Onuň agajy aňsat ýonulýar we ýylmanylýar. Şol sebäpli ol mebel ýasamakda-da giňden ulanylýar.

Süleýman KARAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar