Umbar pälwanyň deresi

4 Ýanwar 2023
719

Köýtendagyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Umbar deresindäki şaglawugyň täsinligine haýran galmadyk syýahatçy ýok bolsa gerek. Ýerli ilatyň arasynda aýdylýan rowaýata görä, Umbar deresi Umbar atly pälwanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadym zamanlarda Umbar atly adalatly pälwan ýaşapdyr. Ol bu ýerlerde ýaşan ilaty talaňçylardan gorar eken. Bir gezek talaňçylar bilen söweşende, güýji asgyn gelip, olar ony ele saljak bolupdyrlar. Ýöne ol ele düşmän, özüne mahsus çalasynlyk bilen Köýtendaga dyrmaşyp ugraýar. Şonda-da kowgy onuň yzyndan galarly däl eken. Şol barmana Umbar pälwanyň öňünden bir uly dere çykýar. Deräniň örän giňdigine garamazdan, Umbar dereden ýüzugra böküp geçipdir. Talaňçylar bolsa dereden bökmäge milt hem edip bilmändirler. Ine, şondan soň deräni «Umbaryň deresi», bu ýerdäki täsin şaglawuga bolsa «Umbaryň şaglawugy» diýip at beripdirler.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Çärjew etraby.
Beýleki habarlar