Sanly ulgam ösdürilýär

15 Noýabr 2022
855

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler uly üs­tün­li­ge eýe bol­ýar. Her bir ösü­şiň göz­ba­şyn­da bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yl­ma esas­lan­ýan baş­lan­gyç­la­ry, dö­red­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Hut şo­nuň üçin hem ylym-bi­lim döw­re­bap ös­dü­ri­lip, kä­mil hü­när­men­ler bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üp­jün edil­ýär. Kä­mil hü­när­men­le­riň ke­ma­la gel­me­gi san­ly ul­ga­myň hem ös­dü­ril­me­gi­ne oňat müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Döw­re­bap ösüş­le­riň üp­jün edil­me­gi bol­sa san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ýar. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga we peý­da­lan­ma­ga, ola­ryň esa­syn­da do­lan­dy­ry­şyň hem-de hal­ky­my­za edil­ýän dür­li hyz­mat­la­ryň hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet, yl­my dil­de aň­la­dyl­sa, eme­li aň-dü­şün­je­le­ri, in­ter­net mag­lu­mat­la­ry, yl­myň we teh­ni­ka­nyň ga­za­nan­la­ry­ny top­la­ma­gyň bir bi­te­wi elekt­ron ul­ga­my­dyr. Şun­da uly göw­rüm­li mag­lu­mat­la­ry kyn­çy­lyk­syz öz­leş­di­rip, ul­gam­laş­dy­ryp we sel­je­rip bol­ýar. Şeý­le hem mag­lu­mat­la­ry is­len­dik wagt­da uzak ara­lyk­la­ra ug­ra­dyp bol­ýar, tä­ze ta­nyş­dy­ryş­lar gyz­gy­ny bi­len ula­ny­jy­la­ra ýe­ti­ril­ýär, yg­ty­bar­ly sak­lan­ýar, beý­le­ki hyz­mat­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Bi­ler­men­ler, hu­su­sy­ýet­çi­ler san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi bi­len dün­ýä yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gin­de dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Onuň müm­kin­çi­lik­le­ri örän ulu­dyr. Hu­su­san-da, uly göw­rüm­li mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­gyň, gaý­ta­dan iş­le­me­giň, sel­jer­me­giň we ge­rek­li wag­tyn­da ulan­ma­gyň hem iber­me­giň usu­ly­ýet esas­la­ry­na eýe bol­nan­dy­gy yk­rar edil­di.

Tir­keş JU­MA­DUR­DY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar