Sanly ulgam — çäksiz mümkinçilik

31 Oktýabr 2022
950

Sanly ykdysadyýetiň hereket etmegi jemgyýetiň, işewürligiň we döwletiň bir wagtda sanly ykdysadyýete geçmegini şertlendirýär. Sanly ykdysadyýetiň ösüşi oňa gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlygynyň ähli derejelerinde sanly gatnaşyklary ýola goýmak işiniň çaltlandyrylmagy bilen bagly bolup durýar.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Ykdysady we durmuş gatnaşyklarynyň täze ulgamy depginli ösdürilýär. Şeýle ösüşler bolsa, dünýä senagat önümçiliginde bolup geçen özgerişliklerden oňyn netije çykarmaga mümkinçilik berýär.

Kerimmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar