Sanly ulgam ykdysadyýetde

28 Oktýabr 2022
997

Häzirki döwürde halk hojalygynyň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde uly ösüş gazanylýar. Olar durmuşymyzy ýeňilleşdirip, täze mümkinçiliklere ýol açýar.

Sanly tehnologiýalaryň iň çalt ornaşdyrylýan we köp ulanylýan ugurlarynyň biri-de maliýe ulgamydyr. Häzirki wagtda elektron kartyň kömegi bilen aragatnaşyk, elektroenergiýa hem-de jemagat hojalygy hyzmatlary üçin hasaplaşyklary geçirip bolýar. Şeýle hasaplaşyklaryň mümkinçilikleri bolsa barha artýar.

Selbi JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar