Ýakynda, has takygy, 13 — 16-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde «FIRST Global Challenge 2022» — Halkara Robototehnika bäsleşigi geçirildi. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylaryndan düzülen «Oguz Robot» gurnagynyň agzalarynyň bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi robot önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen ýaşlarynyň köpdüginiň, mekdep okuwçylarymyzyň dünýä ylmyndan, soňky tehnologiýalardan kämil baş çykarýandygynyň dünýä derejesinde nobatdaky ykrarnamasy boldy.