Aşhana enjamynyň taryhyndan

27 Oktýabr 2022
1138

Häzirki wagtda durmuşymyzyň gözelleşmegi, tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen, aşhana enjamlary hem has döwrebaplaşýar. Munuň özi öý bikeleriniň el zähmetiniň azalmagyna, galyberse-de, wagtyň tygşytlanmagyna getirýär. Şeýle enjamlaryň hatarynda elektrik tosterini görkezmek bolar. Žurnalymyzyň şu sanynda bu enjam barada gysgaça söhbet etmegi makul bildik. Köp adamlar bu enjamy çörek böleklerini kakatmak üçin ulanýarlar. Toster her bir öý bikesiniň arzuw edip biläýjek enjamydyr. Gelin-gyzlar bu aşhana enjamy bilen öz gymmatly wagtlaryny tygşytlap bilerler.

Adamlar gadymy döwürlerden bäri çöregi gyzdyrýarlar we kakadýarlar. Ilkibaşda munuň üçin ýönekeý usuly ulanypdyrlar, ýagny çöregi iki sany taýaga gysdyryp, oduň üstüne tutupdyrlar. Soň bolsa gyzgyn daş plita oturdylan ýörite ýasalan guraly ulanypdyrlar. Emma elektrik togunyň gelmegi bilen, çörekleri çalt we ýokary hilli kakatmak ýaly köp işler ýerine ýetirilipdir.

Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar