Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysady üstünlikleri ýokarlandyrmaga, her bir pudakda girdejileri artdyrmaga, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmäge ýardam edýär. Bu wezipe sanly ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegi, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň dolulygyna ornaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda yglan edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem işjeň häsiýete eýe bolýar. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» we beýleki kanunlaryň kabul edilmegi pudakda internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.