Täsinlikler dünýäsinde

12 Oktýabr 2022
1367

Täze gämi

Monako döwletinde geçirilen sergide adaty bolmadyk gäminiň taslamasy tanyşdyryldy. Bu görnüşli gämi suwuň ýüzünde hem astynda hereket edip biler. Gollandiýanyň «U-Boat Worx» kompaniýasy tarapyndan önümçilige hödürlenýän gäminiň agramy 1250 tonna, uzynlygy hem 37,5 metre deň bolar. Dynç alyş maksatly guruljak gämide bir wagtda 10 ýolagçyny we 7 sany ekipažy özünde ýerleşdirmäge mümkinçilik bar. Gämi islendik wagt suwuň ýüzünde ýüzüp ýören ýagdaýyndan onuň 200 metr çuňlugyna çenli aralaşyp, ol ýerde 4 gije-gündizläp saklanyp bilýär. Kompaniýa «Nautilus» diýlip atlandyrylýan gämini sargyt edilen ýagdaýynda 25  million ýewro baha bilen 30 aýyň dowamynda gurup bermegi maksat edinýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Tawus ILLIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar