Sanly ulgam — ylmy önümçilige giň ýol

12 Oktýabr 2022
1293

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň ylmy taýdan düýpli esaslandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy önümçilik bilen berk baglanyşdyrmak, oňa ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň kemala getirilmeginiň binýady bolan ýokary hilli bilim ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegidir. Elbetde, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilen ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmakdan, ylym we tehnika babatda öňde duran maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak şu günüň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerur. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmen Älem 520°E» milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň hereket etmegi, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugrunyň kanunçylyk esaslaryny döretmegi, berkitmegi, seljermegi talap edýär. Bilşimiz ýaly, ylmy-tehnologik ösüşiň halkara hukuk esaslary bu ugurda ýüze çykýan her bir täzelige laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar