Muzeýde innowasion ösüşler

8 Sentýabr 2022
1069

Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzy bu babatda ösdürmegiň maksatnamalaýyn esaslary goýuldy. Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlara bölünip kesgitlenendir.

Ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän döwründe adamzadyň gündelik durmuşy innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň esasynda gün-günden kämilleşýär. Bu günki gün jemgyýetiň durmuşyny döwrebap, innowasion IT tehnologiýasyz we telekommunikasiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Innowasion tehnologiýanyň ösýän döwründe medeniýet we sungat ulgamy sanly tehnologiýany öz işine ornaşdyrýar. Sanly ulgama geçmek boýunça başlangyjyň çäklerinde türkmen medeniýeti we sungaty häzirki zaman tehnologiýalaryň, kompýuterleşdirilen abzallaryň kömeginden işjeň peýdalanýar.

Amangül KARAKULOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar