Häzirki wagtda durmuş çalt depginler bilen ösýär, özgerýär we öňde täze wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglanyşykly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şol sanda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň hem-de halkymyza edilýän dürli hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belleýär. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge aýratyn orun berilýär.