Sanly ulgamy ösdürmek şu günüň möhüm talabydyr

4 Iýul 2022
1022

Garaşsyz ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmegiň gerimi barha giňeýär. Sanlylaşdyrmak maglumat we tehnologiýalar eýýamynyň esasy bolup hyzmat etmek bilen, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi bilen üstünlikli utgaşýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, nebitgaz toplumynyň pudaklarynda hem bu ugurda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda bu resminama ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Onda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenilendir. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Kararyň kabul edilmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy.

Arslan ANNAMYRADOW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.
Beýleki habarlar