Elektron kitaphanalar — döwrüň talaby

4 Iýul 2022
1100

Elektron kitaphanalar durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman kämil el telefonlaryndan we kompýuterlerden elektron kitaphanalaryna girmek we islendik kitaby tapmak mümkin. Dünýäde tehnologiýalaryň tiz ösýän döwründe elektron kitaphanalaryň işini kämil derejede ýola goýmak möhüm wezipeleriň hataryna girýär. Elektron kitaphanalar maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriş ulgamy bolup, ol maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýär. Ýurdumyzda elektron kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek işleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 —–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda «Kitaphanalaryň durmuşda eýeleýän ornuny göz öňünde tutup, soňky ýyllarda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony hünärli işgärler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirildi, ýurdumyzda bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi» diýlip bellenilýär. Bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli işler anyk görkezilýär.

Elektron kitaphanalar ulgamy maglumat gözlegini gysga wagtda amala aşyrmaga, internet ulgamyndan erkin peýdalanmaga şert döredýär. Internet ulgamyna birikdirilen elektron kitaphana habar beriş çeşmelerini islendik ulgam bilen baglanyşdyryp bilýär. Elektron kitaphanalar köpsanly resminamalary saýlamaga ýa-da köpsanly maglumatlaryň içinden köpugurly gözlegi amala aşyrmaga mümkinçilikleri döredýär. Elektron kitaphanalar kitaplary, maglumatlary dürli görnüşde almagyň elýeterliligini üpjün edýär.

Serdar HOJAÝEW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar