«So­la­na Mobile» il­kin­ji kriptosmart­fo­ny­ny hö­dür­lär

26 Iýun 2022
881

«So­la­na Labs»-yň gol­çur kär­ha­na­sy «So­la­na Mo­bi­le» hu­su­sy açar sak­laý­jy we «Web3» mer­kez­leş­di­ril­me­dik prog­ram­ma dü­ka­ny bo­lan «Sa­ga And­ro­id» esas­ly krip­tos­mart­fo­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Tä­ze smart­fon ar­ka­ly «So­la­na» blok­çeýn bi­len in­teg­ra­si­ýa san­ly ak­tiw­le­ri do­lan­dyr­ma­gy aň­sat­laş­dy­rma­gy we web3 amal­la­ry­ny ge­çi­rme­gi mak­sat edin­ýär.

Krip­tos­mart­fon «Go­og­le», «App­le» we «In­tel» prog­ram­ma­la­ry üçin ha­sap­la­ýyş en­jam­la­ry­ny gur­mak tej­ri­be­si bo­lan «OSOM» and­ro­id ösüş kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan di­zaýn edil­di. «Sa­ga» 6,6 dýuým­lyk OLED ek­ra­ny we 12 Gb RAM bi­len üp­jün edi­len­dir. Howp­suz­lyk üçin «Se­ed Vault» ul­ga­my te­le­fon­da şah­sy açar­la­ry we SID söz­lem­le­ri­ni prog­ram­ma­lar­dan aý­ra­tyn sak­la­ýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Annamuhammet MOMMYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar