Täze döwrüň kämil žurnalistikasy

20 Iýun 2022
1248

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň kämilleşdirilýän döwründe multimedia žurnalistikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün metbugat habar beriş serişdeleri özgeriş tapgyryny başdan geçirip, onuň ahyrky maksady häzirki sanly media gurşawyna uýgunlaşmakdyr. Biz bu gün žurnalistikada habarlary täze görnüşde bermegiň dessinliginiň ilkinji hatara çykýandygynyň şaýady bolýarys.

Internetiň peýda bolmagy we giňden ýaýramagy multimedia žurnalistikasynyň ösüşiniň täze tapgyryna itergi berýär. Şeýlelikde, XX asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri bu iş üznüksiz dowam edip gelýär. Şonda žurnalistiň işiniň täze görnüşlerini we usullaryny özünde jemleýän multimedialylyga geçmek has-da işjeňleşýär. Emma munuň üçin hem wagt gerek bolýar. Internetde çykyp başlan metbugat neşirleriniň ilkibaşda öz web-saýtlary bolmansoň, olar ýönekeý ýazgy görnüşindäki elektron nusgasy bilen çäklenmeli bolýar. 1994-nji ýylda ilkinji internet-brauzeriniň peýda bolmagy bilen, neşirleriň multimedia saýtlary döräp başlaýar. Olar, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirip, awtorlar we redaksiýalar barada maglumatly habarlardan ybarat bolýar.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar