«Lenovo» ekransyz, prožektorly noutbugyny tanyşdyrdy

19 Iýun 2022
984

Hy­ta­ýyň «Le­novo» kom­pa­ni­ýa­sy gel­je­giň komp­ýu­ter­le­ri­niň tä­ze mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­dy. Geň ta­ra­py, tä­ze nout­bu­gyň için­dä­ki ek­ra­nyň ýok­lu­gy­dyr. Oňa de­rek, nout­bu­gyň kor­pu­sy­nyň ýo­kar­syn­da di­war­da ýa-da şo­ňa meň­zeş aý­ra­tyn üst­de şöh­le­len­di­rip, şe­kil­le­ri edil ek­ran­da­ky ýa­ly aý­dyň gör­kez­ýän pro­žek­to­ry ýer­leş­ýär. Nout­bu­gyň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy, ga­byň için­de ýyg­nal­ýan kla­wia­tu­ra­sy­dyr.

Gör­nü­şi ýa­ly, nout­buk «Dol­by At­mos»-da iş­le­ýän ses ul­ga­my we bar­mak yzy ska­ne­ri bi­len üp­jü­n edi­len­dir. Häzirlikçe ekransyz täze nout­bu­gyň haçan satuwa çykaryljakdygy barada maglumat berlenok.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Güljemal HOMMADOWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar