San­ly yk­dy­sa­dy­ýet — in­no­wa­si­on ösüş

18 Iýun 2022
1203

Ýur­du­my­zyň in­no­wa­si­on ösü­şin­de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, döw­le­tiň we hu­su­sy pu­da­gyň hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek ar­ka­ly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty has-da ber­kit­mek hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga uly üns be­ril­ýär. Göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň has-da yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň 13-nji ma­ýyn­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de dur­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­re üns çe­kil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­mak we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­lar hem-de tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Şun­da, hu­su­san-da, in­no­wa­si­on ugur­la­ra, san­ly ul­ga­ma ge­çil­me­gi­ne, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň dö­re­dil­me­gi­ne, dür­li dü­züm­le­riň işi­niň mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, pu­dak­la­ryň işi­ne we önüm­çi­lik top­lum­la­ry­na öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti şert­le­rin­de işe­wür­li­giň we hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ne, içer­ki ba­za­ryň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan se­na­gat önüm­le­ri, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edil­me­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra hem-de yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi­ne, elekt­ron se­na­gat­da tä­ze önüm­le­riň çy­ka­ry­ly­şy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň alym­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­ma­gyň ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mek hem wa­jyp me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar.

Ka­ka­gel­di HÜM­MÄ­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň pro­rek­to­ry.
Beýleki habarlar