Sanly bilim ulgamy: «bulutlaýyn» tehnologiýa

13 Iýun 2022
1453

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, bu ugurdaky işler bilim ulgamynda hem oňyn özgertmelere beslenýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin, bu ugurda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen halkara tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny çuňlaşdyrmakda esasy çemeleşmelerdir. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynyň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Orta mekdeplerde sapaklary gurnamakda, olarda innowasion tehnologiýalardan, multimediýa tagtalaryndan peýdalanmak örän wajypdyr.

Nurjahan Garýagdyýewa,
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar