IT satyjysy «Couchbase» uly tendensiýalarda ösýär

13 Iýun 2022
1018

«Couchbase» kompaniýasy iki sanly girdejiniň ösüşini gazandy. «Couchbase»-niň satuwlary 25% artyp, ABŞ-nyň 34,9 million dollaryna ýetdi. «Couchbase» bulutly IT üçin «Google Cloud» üçin täze «DBaaS» hyzmatyny hödürledi. «Capella DBaaS»-yň täze wersiýasynda ykjam programmalary we IoT hyzmatlaryny ýerleşdirmek üçin gurallar bar. «MongoDB» ýaly öňdebaryjy bäsdeşlerine garamazdan, «Couchbase» IT çözgütleriniň tehnologiýa artykmaçlyklary sebäpli, 2023-nji ýylda ABŞ-nyň 148,2 million dollary möçberinde girdeji gazanmagy maksat edinýär.

9-njy iýunda geçirilen birža söwdalarynda kompaniýanyň paýnamalary ABŞ-nyň 16 dollaryndan bahalandy. Kompaniýanyň bazar söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 738,24 million dollaryna barabar boldy.

Arifa MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň kompýuter we maglumat kommunikasiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar