Energetika howpsuzlygynyň hukuk binýady

26 Maý 2022
1224

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny giň gerimler bilen ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilen öňdengörüjilikli we parasatly energetika syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna netijeli goşulyşmagy, döwletimizde ösen senagatyň kemala gelmegi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagy bilen elektrik energetika pudagynda maýa goýumlary özleşdirilip, bu pudak döwrebap ösdürilýär. Durmuşa geçirilýän strategik taslamalarda energiýa serişdelerimiziň netijeli peýdalanylmagy arkaly, halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuşynyň üpjün edilmegi, şeýle hem tutuş adamzadyň bähbitleri üçin ulanylmagy esasy ugurlar hökmünde kesgitlenýär. Şonuň ýaly-da Diýarymyzda tebigy gazyň, nebitiň, elektrik togunyň önümçiligini yzygiderli artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň milli we halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurdumyz, energiýa serişdeleriniň adaty çeşmelerine baý döwletleriň biri hökmünde öz tebigy baýlyklaryny, energiýa serişdelerini sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegi goldamaga we pugtalandyrmaga gönükdirýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň hatarynda energetika howpsuzlygyna aýratyn orun degişli bolup, olaryň ýedinjisi «Arzan we arassa energiýa» diýlip atlandyrylýar.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar