Wirtual muzeýde Intel brendiniň 50 ýyllyk ösüşi görkezilýär

23 Maý 2022
1068

18-nji maýda — Halkara muzeý güninde «Intel» kompaniýasy soňky 50 ýylda gazananlaryny görkezýän wirtual muzeýini açdy. Ilkibaşda muzeý adaty görnüşde - eksponatlar we giň otag usulynda döredilipdir. 1983-nji ýylda açylan muzeý tehnologiýanyň taryhy gözbaşyny we şu günki ýeten sepgitlerini görkezýär. Muzeýi wirtual görnüşde açmagy kompaniýanyň taryhçysy Liz Jons hödürläpdir.

Isleg bildirýänler kompaniýanyň web saýtyndan wirtual muzeýe goşulyp, ýarymasyrlyk tehnologiýa ösüşiniň aýratynlyklary bilen tanşyp bilerler. Muzeýi döredijileriň bellemegine görä, taslamanyň esasy maksady her bir adama uly üýtgeşmeleri, ösüşleri başdan geçirýän tehnologiýa dünýäsiniň täsinliklerini görkezmek we halklaryň arasynda dost-doganlygy has-da pugtalandyrmak bolup durýar.

Keremberdi MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar