Lukmançylykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we ondan peýdalanmagyň örän uly geljegi bardyr. Şunda telelukmançylygy ornaşdyrmaga hem giň mümkinçilikler açylýar. Ol uzak aralykdan lukmançylyk babatda maglumatlary alyşmaga hem ýardam edýär. Şeýle-de biri-birinden uzak aralykda ýerleşýän saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň, lukmanlarynyň hem-de hassalarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin şertler döreýär. Telelukmançylygyň uzak aralykdan hassalaryň keselini anyklamakda, bejerişi geçirmekde, maslahat bermekde we yzygiderli gözegçilik etmekde ähmiýeti uludyr.
Lukmançylykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ýene-de bir görnüşi raýatlaryň lukmançylyk kartlarynyň girizilmegidir. Bu lukmançylyk kartlarynda näsagyň keseliniň taryhy, oňa dürli wagtlarda berlen bejergiler barada elektron maglumatlar saklanýar. Raýatlaryň öz ýaşaýan ýerinden uzakda iş saparynda ýa-da myhmançylykda wagtynda ýüze çykan ýarawsyzlyk sebäpli bolýan ýerindäki saglygy goraýyş edarasyna ýüz tutan wagtynda lukmançylyk karty arkaly näsagyň keseliniň taryhyny öwrenmäge mümkinçilik döreýär.