«Nokia» 2022-nji ýylda 6 sany täze smartfony hödürlär

16 Maý 2022
853

Häzirki wagtda HMD Global kompaniýasynyň tagallalary bilen Nokia smartfonlary uly meşhurlyga eýe bolýar. Angliýanyň bazarynda Nokia markasynyň iň köp satylýan tehnikalaryň üçligine girmegi-de muňa aýdyň mysaldyr.

Maglumatlara görä, ýakyn wagtda Nokia üç sany täze smartfon modellerini çykarar, 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolsa ýene üç sany modeliň peýda boljakdygy barada aýdylýar. Şu ýylyň başynda Nokia G11 we G21 modelleriň başlangyç görnüşleri peýda bolandan soňra, HMD Global täze Nokia G11 Plus diýlip atlandyryljak modeliň üstünde işleýändigi belli boldy.

Beýleki habarlar