«Royal Mail» uçarmansyz uçarlar bilen hat ibermek üçin 50 ugur taýýarlaýar

16 Maý 2022
1080

Beýik Britaniýada Korollygyň «Royal Mail» poçta gullugy uçarmansyz uçarlaryň durmuşa ysnyşykly ornaşmagy bilen poçta gatnawlarynda şeýle tehnologiýalary ulanmagy meýilleşdirýär. Gullugyň ýakyn meýilnamalarynda 200 sany uçarmansyz uçar üçin 50 töweregi howa ugurlaryny döretmek bolup durýar. Uzak möhletleýin meýilnama laýyklykda, geljekde ýurduň tutuş çägini öz içine aljak 500-den gowrak uçarmansyz howa ulaglaryny ulanmak meýilleşdirilýär.

Bir ýarym ýylyň dowamynda amala aşyrylan dört sany synag uçuşynda Mal adasyna (Şotlandiýa), Kornwallyň kenaryndaky Silli adalaryna we Kirkwol bilen Demirgazyk Ronaldseý arasynda uçuşlar edildi.

Beýleki habarlar