Döwrebap özgertmeler

23 Maý 2022
1079

Bütin dünýäde maglumat we tehnologiýalar eýýamy hökmünde ykrar edilen döwrümizde ynsan paýhasynyň önümi bolan täze tehnologiýalara isleg ýylsaýyn ýokarlanýar, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda innowasiýalar ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda özgertmeler amala aşyrylýar. Konsepsiýa esasynda amala aşyrylýan işler döwrüň möhüm öwrülişigini ýurdumyzyň pudaklaryna öz wagtynda ornaşdyrmaga ýardam edýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy diňe bir maglumat alyş-çalşygyny ýokarlandyrman, eýsem, zähmet öndürijiligini hem artdyrýar.

Sanlylaşdyrmak syýasaty ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde hem üstünlikli amala aşyrylýar. Tehnologiýalaryň ösýän döwründe harby ulgama sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maglumat bilen işlemegiň ýeňilleşmegine, elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmegine, şeýle hem şahsy düzümiň döwrebap harby tehnikalara erk etmek ukybynyň artmagyna ýardam edýär.

Mamajan BEKMURADOWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy.
Beýleki habarlar