Sanly ulgamda daş asyry

19 Maý 2022
1208

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda dürli ugurlarda nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary... ýaly täze innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglanyşykly döwrebap täze usullaryň gerimi, olaryň durmuşymyza ýetirýän oňaýly täsiri uly ähmiýete eýedir. Bilimde, ylymda we medeniýetde hem olaryň häzirki zaman ösüşine saldamly goşandy bardyr.

Şu nukdaýnazardan, taryh ylmynda, aýratyn-da, arheologiýada sanly ulgam arkaly degişli informasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Şunda dürli hili tapyndylaryň maglumat toplumyny döretmek wajyp meseledir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň daş tapyndylarynyň maglumat binýadyny döretmek hem olary sanly ulgama ornaşdyrmak meselesi ýola goýulýar we ençeme arheologik nusgalaryň esasynda sanly ulgam arkaly işi taýýarlamaga girişildi. Meselem, daş tapyndylaryň görnüşi hakynda sanly maglumat toplumyny döretmek, onda öwrenilýän suratly zerur maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Tapyndynyň görnüşine görä, dürli alamatly arheologik maglumatlar, şol sanda onuň ulanylyş taýdan dürli adalgalary bar. Haýsy welaýatyň, etrabyň ýa-da ýadygärligiň çäginde tapylandygy barada geografiki maglumaty — meýdan arheologiýanyň maglumatlaryny: tapyndynyň ýerüsti ýa-da ýerastydygyny bellemek we ol zadyň ilki nirede görlendigini ýazmak möhümdir.

Şöhrat ANNATAGANOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar