Sanly bilim — döwrüň talaby

19 Maý 2022
1095

  «7-24.tm», № 20 (103), 16.05.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň ylym-bilim ulgamy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, medeniýetiň hem-de ylmyň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda-da dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi biziň her birimiz üçin buýsançly ýagdaýdyr. Bu ugurda orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, kompýuter enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy ornaşdyrylýar. Okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaga şert döredýär.

Tylla HOJAGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar