Pudagy ösdürmekde täze tehnologiýalara möhüm orun degişlidir

16 Maý 2022
1099

Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan pudaklaýyn ylmy ösdürmek, bu ugurdaky maksatnamalary ýerine ýetirmek üçin barlaghanalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmeklige we ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklige gönükdirip, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly döwletimizi senagat taýdan ösen ýurda öwürmek baradaky nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipelerden ugur alyp, degişli işleri geçirmek zerurdyr.

Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugry hökmünde ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, taslamalaryň häzirki zaman usullaryny we hasaplama modellerini ulanmak meseleleri, ilkinji nobatda, çözmelileriň hatarynda bellenilýär. Geologiýa gözleg, buraw işlerini, nebitgaz ojaklaryny we ugurdaş çykýan baýlyklary işläp geçmegiň taslamalaryny düzmegi, gazy çykarmagy, taýýarlamagy we akdyrmagy, gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyna degişli teklipleri bermegi, kadalaşdyryjy we önümçiligiň ekologiýa täsirini azaltmak boýunça degişli resminamalary düzmegi olaryň hatarynda görkezmek bolar.

Begli BEGLIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar