Olaryň dostlary — robotlar

9 Maý 2022
1458

Mekdep okuwçylarynyň Tehnologiýa şüweleňi geçirildi

Geçen hepdäniň şenbe gününde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdepde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň zehinleri» atly şygar bilen Tehnologiýa şüweleňi geçirildi. Oňa tehnologiýa dünýäsi bilen gyzyklanýan okuwçylaryň ençemesi, mugallymlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Çäre Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guraldy. Ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlary, ýaşlaryň söýgüli aýdymçylary Mähri Pirgulyýewanyň hem-de Durdy Durdyýewiň dabara gatnaşyp, joşgunly aýdymlary ýerine ýetirmekleri çagalar üçin iň bir ýakymly pursatlaryň biri boldy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Nesil».
Beýleki habarlar