Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ösen ylmy tehnologiýalary ýurduň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak bolsa, islendik ýurduň ösüşiniň gözbaşynda durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, biz hem orta bilim berýän mekdebimizde degişli işleri alyp barýarys. Häzirki wagtda mekdebimizde ähli mekdep okuwçylarynyň we mugallymlarynyň ähli maglumatlary, okuw sapaklarynyň geçirilişi we seljerilişi dolulygyna sanly ulgama geçirildi. Şeýle-de ähli sapaklaryň sanly ulgam arkaly geçirilmegi ugrunda tejribeli mugallymlarymyz uly tagalla edýärler.