Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň resmi saýty döredildi

29 Aprel 2022
1093

Sanly ulgamyň ösen mümkinçiliklerinden peýdalanmak häzirkizaman bilim we hünär ojaklaryna bildirilýän esasy talaplaryň biridir. Şundan ugur alyp, ýakynda Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem resmi saýty işläp başlady. Ol «www.derya-ohom.edu.tm» salgysynda ýerleşýär.

Resmi saýtyň iki dilde ― türkmen we rus dillerinde işleýändigini turuwbaşdan aýtmak gerek. Eýýäm saýtyň ýokarky bölüminden onuň haýsy hünär ojagyna degişlidigini, habarlaşmak üçin telefon belgilerini we elektron poçta salgysyny görüp bilýäris.

Atajan PIRLIÝEW,
mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar