Täze tehnologiýalar — döwrüň talaby

27 Aprel 2022
1107

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösdürilýär we sanlylaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa ornaşdyrylyp, bu ugurdaky işleri amala aşyrmagyň çäklerinde maliýe ulgamynda ilata hödürlenýän hyzmatlar yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, elektron hyzmatlary ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagat pudagynyň ösmegine, döwletimiziň önümçilik kuwwatynyň artmagyna hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna we ony mundan beýläk-de gowulandyrmaga uly itergi berýär.

Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlary ilkinji orunda bolmak bilen bir hatarda, bu ugurlarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar.

Amannazar WELMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar