Aragatnaşyk we ulag pudagy: sanlylaşdyrmagyň wezipeleri

19 Aprel 2022
1460

Ylmyň ösmegi netijesinde telekommunikasiýa ulgamy uly ösüşe eýe bolýar. Aragatnaşyk serişdeleri ynsan durmuşyna dahylly iň möhüm ulgamlaryň birine öwrüldi. Bu gün bir-birek bilen aragatnaşyk saklamak, maglumatlary paýlaşmak, täzeliklerden habarly bolmak, ösen tilsimatlardan baş çykarmak, sanly ösüşiň gazananlaryny dürli pudaklara we ulgamlara giňden ornaşdyrmak ynsanyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda esasy görkeziji hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly özgertmeleri öňe ilerletmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeleri ösüşiň derwaýys wezipeleri hökmünde görkezýär.

Sanly ösüşiň netijesinde ähli pudaklarda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Şeýle ösüşler maglumatlaryň toplanylmagy, alşylmagy, saklanylmagy we gaýtadan işlenilmegi bilen bagly zerurlyklary kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän aragatnaşyk, Internet ulgamlaryny, maglumatlary işleýiş merkezlerini ösdürmäge, şeýle hem maglumatlar bilen işlemegiň sanly çeýe esaslaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu düzümiň ösdürilmegi bolsa, ilatyň giň zolakly Internete baglanmagy bilen bagly taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa ornaşdyrmaga, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, jemgyýetçilik hyzmatlary, jemgyýetçilik ulag hem-de dolandyryş ulgamlarynyň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmäge, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Internet ulgamynda hödürlenýän hyzmatlardan peýdalanmak üçin raýatlaryň ulanýan akylly telefon we beýleki ykjam enjamlaryna aýratyn orun degişlidir.

Ogulbibi REJEPOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar